Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşada, Türkmenistanyň haýyşy boýunça, Pussy Riot toparynyň aktiwisti saklandy


Aýsoltan Niýazowa
Aýsoltan Niýazowa

6-njy sentýabrda giçlik Polşanyň Litwa we Belarus bilen serhetleriniň golaýynda Pussy Riot toparynyň aktiwisti Aýsoltan Niýazowa tussag edildi. Bu barada toparyň başga bir agzasy Mariýa Alýohina “Mediazona” neşirine aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu Interpolyň Türkmenistandan gelen haýyşynyň esasynda çykarylan “gyzyl bildiriş” esasynda amala aşyrylypdyr. Türkmenistanda Niýazowa degişli jenaýat işi açylandygy aýdylýar.

Pussy Riot topary beýanat ýaýradyp, onda “Aýsoltan Niýazowa garşy kanuny aýyplamalar ýok… Onuň ýeke-täk ‘jenaýaty’ dünýäniň iň ýapyk diktaturalarynyň birine açyk garşy çykmakdyr. Biz onuň derrew azatlyga goýberilmegini talap edýäris” diýdi.

Niýazowanyň egindeşi Wiktor Kotowyň maglumatyna görä, 6-njy sentýabr güni günortanlar, Polşa–Belarus serhediniň golaýynda olaryň ulagyny serhet gullugy saklapdyr. Serhetçiler olaryň ýaşamak ygtyýarnamalaryny we pasportlaryny barlapdyr. Niýazowa serhetçileriň onyň ene-atasynyň atlary barada sorag berendigine geň galypdyr. Şondan soň ol saklanyp, Polşanyň Lipsk şäherine äkidilipdir. Biraz wagtdan soň ony Awgustow şäherindäki polisiýa bölüminiň edarasyna geçirmäge taýýarlyk görülýändigi aýdylýar.

“Aýsoltanyň ruhy berk we hyjuwly. Häzir aklawçy gözlenýär. Litwa tarapy Aýsoltan Niýazowanyň ynsanperwerlik derejesini tassyklaýar” diýip, Kotow belledi.

Niýazowa Polşa Litwadan giren hem bolsa, ony alyp barlan Lipskdäki serhet gullugynyň bölümi Polşa–Belarus serhedindäki, Grodno ugrunda ýerleşýän iri geçelgä jogapkärdir.

Türkmenistan häkimiýetleri Niýazowany ýurduň Merkezi bankynyň serişdelerini ogurlamakda aýyplaýarlar. Onuň ekstradisiýasy boýunça ilkinji haýyş 2002-nji ýylda ýollanypdyr. Niýazowanyň kakasy Gurbanmyrat Niýazow oppozisiýany goldap, türmede aradan çykypdyr. Aýsoltan Niýazowa özüniň yzarlanmagyny awtoritar häkimiýete garşy garaýyşlary bilen baglanyşdyrýar. Pussy Riot hem bu aýyplamalaryň toslama we syýasy häsiýetlidigini aýdýar.

2011-nji ýylda Şweýsariýa Niýazowany Türkmenistana tabşyrmakdan ýüz öwürdi, ýöne ony Russiýa ekstradisiýa etdi. Niýazowa ol ýerde koloniýada alty ýyl saklandy. Şol ýerde ol Isa Mesih Halasgär ybadathanasyndaky aýdym-sazly çykyş sebäpli “huligançylykda” aýyplanyp türmä basylan Mariýa Alýohina bilen tanyşdy. Soňra Niýazowa Pussy Riot toparyna goşuldy we urşa garşy “Riot Days” atly ýörişe gatnaşdy.

2022-nji ýylda Aýsoltan Niýazowa Sloweniýada we Horwatiýada hem, Türkmenistandan gelen şol bir haýyş esasynda, wagtlaýyn tussag edildi. “Nastoýaşeýe Wremýa” kanalyna görä, Sloweniýanyň kazyýeti ony 10 sagatdan soň, Horwatiýa bolsa iki günden soň boşatdy. Horwatiýadaky tussaglykdan soň aklawçylar Interpola ýüzlenip, Türkmenistandan gelen haýyşyň bikanundygyny aýdyp, onuň adynyň gözleg bazasyndan aýrylmagyny talap etdiler, ýöne gurama bu haýyşy ret etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG