Arkadag şäherinde käbir köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlarynyň birnäçe ýaşaýjysy gündizlerine öz kwartiralaryna hojalyk suwlarynyň çykmaýandygyny aýdýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri gürrüň berýär.
Türkmenistan

Türkiýede tussag edilen we soňra dereksiz ýitirim bolan türkmen blogeri Alişer Sahatowyň aýaly türk häkimiýetleriniň adamsynyň soňky ykbaly, onuň nirededigi barada resmi düşündiriş, resminama heniz-de bermeýändigini Azatlyk Radiosyna habar berdi.
“Hiç habar ýok. Hiç bir türk ýolbaşçysy habarlaşmaýar. Açan arzalarym hasaba, ýazga alynmaýar” diýip, Sahatowyň aýaly Gülala Hasanowa ne Sinop şäheriniň polisiýasyndan, ne-de Edirne deportasiýa merkezinden resmi jogap alyp bilýändigini belleýär.
Ýatlatsak, 39 ýaşly Sahatow 28-nji aprelde daňdan raýat eşikli näbelli adamlar tarapyndan tussag edilip, Sinop şäheriniň polisiýa merkezine alnyp gidildi. Onuň ilki Ankaranyň "Akýurt" deportasiýa merkezinde, soňra-da Edirnedäki deportasiýa merkezinde saklanýandygy mälim boldy.
Gülala adamsy bilen soňky gezek 24-nji iýulda gürleşendigini we şondan soň onuň bilen aragatnaşygyň ýitendigini aýdýar. Sahatowyň we onuň bilen tussag edilen we ýitirim bolan Abdylla Orusowyň Edirnedäki deportasiýa merkezinden Sinop şäherine alnyp gidilendigi aklawçysyna aýdyldy, emma Sinopda olaryň barandygy tassyklanmady.
Gülalanyň sözlerine görä, adam hukuklaryny goraýan türk aktiwistleriniň onlarçasy 14-nji awgustda Stambul şäherinde protest geçirip, Sahatowyň we Orusowyň dereksiz ýitirim edilmegine nägilelik bildirdi. Protestiň yzysüre, türk häkimiýetleri blogerleriň aklawçysyna dilden beren maglumatynda olaryň deportasiýa edilendigini aýtdy.
“Ýöne adwokat [türk häkimiýetleri] häzir protesti durdurmak üçin ýalan sözläp bilýärler diýdi” diýip, Gülala şondan soň aklawçynyň Sahatowyň deportasiýa edilendigi ýa-da edilmändigi baradaky resminamany almaga yzygiderli synanyşandygyny hem aýdýar.
Ýöne ol türk häkimiýetleriniň özlerine olaryň ne deportasiýa merkezinden boşadylandygy, ne-de deportasiýa edilendigi barada resminamany gowşurýandygyny belledi.
“Meni it ýaly gapydan çykaryp, kowýarlar. ‘Gelme, öýüňe kagyz geler’ diýýärler. Ýöne öýüme gelen kagyz ýok. Olar ertir bereris, birgün bereris diýip, güýmeýärler” diýip, Gülala özüniň juda çykgynsyz ýagdaýdadygyny hem sözüne goşdy.
“Bir ýolbaşçy çyksa, [adamyň] şu ýerde diýse, ýa-da Türkmenistanda bolsa, men Türkmenistana gitsem. Maňa gaty agyr. Meniň çagalarym menden her gün ‘kakamdan habar barmy, [ony] nirede saklaýar’ diýip soraýarlar” diýip, iň ulusy 16 we iň kiçisi 3 ýarym ýaşlaryndaky dört çaganyň ejesi Gülala aýtdy.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary dört aý gowrak ozal tussag edilen we bir ýarym aý çemesi wagt bäri dereksiz ýitirim edilen Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana deportasiýa edilmek howpunyň abanýandygyny aýdyp, ykbalyna uly aladalanma bildirýärler.
Adam hukuklaryny goraýan "Human Rights Watch" (HRW) guramasy Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana alnyp gidilendigi hakykata laýyk bolan ýagdaýynda, munuň Türkiýäniň öz üstüne alan halkara borçlaryny bozandygyny aňladýandygyny belledi.
3-nji iýunda türk parlamentiniň agzasy we adam hukuklarynyň goraýjysy Ömer Faruk Gergerlioglu Türkiýäniň deportasiýa merkezinde saklanýan Orusowyň we Sahatowyň yzyna ugradylmagynyň derrew öňüni almaga çagyrypdy. Gergerlioglu olaryň Türkmenistana dolanan halatynda janyna howp abanyp biljekdigini hem duýdurdy.
2023-nji ýyldan bäri Türkiýede we Orsýetde ençeme türkmenistanly zor bilen ýitirim edilip, soň Türkmenistana alnyp baryldy. Olaryň arasynda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew), Mälikberdi Allamyradow, Röwşen Gylyjow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow, Serdar Durdylyýew we Merdan Muhammedow bar. Olaryň birnäçesiniň ykbaly näbelli bolmagynda galýar.
39 ýaşly Sahatowyň “Erkin Garaýyş" YouTube kanalynda Türkmenistandaky hökümetiň adyna tankyt edildi we ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi, korrupsiýa ýaly problemalar gozgaldy. Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini gozgady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.