Rus goşunlary 5-nji sentýabra geçilýän gije Ukraina dürli görnüşli 157 pilotsyz uçar we ýedi raketa bilen hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň Howa Güýçleriniň serkerdeligi habar berdi.
Deslapky maglumatlara görä, howa goranmak güýçleri irden 121 pilotsyz uçary urup gaçyrdy, ýedi sany raketanyň we 35 hüjüm dronynyň on ýere gelip urandygy hasaba alyndy.
Russiýanyň Harkow sebitine eden hüjümi netijesinde Lozowaýa şäherinde 40 müňden gowrak abonent, Bliznýukowskaýa jemgyýetiniň alty şäherçesinde 700 töweregi ýaşaýjy elektriksiz galdy.
Sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleg Sinegubow irden Bliznýukowskaýa jemgyýetindäki elektrik üpjünçiliginiň doly dikeldilendigini, Lozowaýanyň ýaşaýjylarynyň hem tok bilen bölekleýin üpjün edilýändigini aýtdy.
Lozowaýanyň häkimi Serhiý Zelenskiniň sözlerine görä, atyşyk we elektrik üpjünçiliginiň peselmegi netijesinde uly bentde heläkçilik ýagdaýy döredi. Hünärmenler böwsüşiň öňüni alýarlar.
Çernihow sebitiniň Nowgorod-Sewerskiý jemgyýetindäki ilatly nokatlaryň hem käbiri elektriksiz galdy. Etrap administrasiýasynyň başlygy Aleksandr Seliwerstow hüjümiň möhüm infrastruktura degişlidigini ýazdy. Onuň sözlerine görä, möhüm desgalar alternatiw elektrik üpjünçiligine geçirilýär.
Dneprde bir kärhana urlan zarba netijesinde ýangyn döredi diýip, sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Sergeý Lysak habar berdi, ýöne jikme-jiklikleri aýtmady.