Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makron ABŞ bilen Ukraina boýunça howpsuzlyk kepillikleriniň “öňümizdäki günlerde” ylalaşyljakdygyny aýtdy


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý (çepde) we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron. 4-nji sentýabr, 2025 ý. Pariž ş. Fransiýa.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý (çepde) we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron. 4-nji sentýabr, 2025 ý. Pariž ş. Fransiýa.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 26 ýurduň Ukraina, Russiýa bilen arada parahatçylyk gazanylan halatynda, uruşdan soňky beriljek howpsuzlyk kepilliklerine gatnaşmaga razydygyny we ABŞ-nyň bu meýilnama goşjak goldawynyň ýakyn günlerde ylalaşyljakdygyny aýtdy.

Makron bu barada Ukrainanyň Günbatar ýaranlaryndan ybarat 30-dan gowrak ýurduň liderleriniň ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen ýygnak geçirmeginiň yzýanynda mälim etdi. Bu ýygnak 4-nji snetýabrda Parižiň Elysee köşgünde geçirildi.

Gepleşiklerden soň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen wideo konferensiýa hem geçirildi.

Makron 26 ýurduň “Ukrainada ýa gury ýerde, deňizde ýa-da howada howpsuzlygy üpjün etmek güýçleri hökmünde goşun ýerleşdirmek baradaky borçnamany öz üstüne alandygyny” aýtdy.

Ol bu güýçleriň uruş liniýalaryna däl-de, geljekde kesgitlenmeli sebitlerde ýerleşdiriljekdigini hem belledi.

“Biz öňümizdäki günlerde ABŞ-nyň bu howpsuzlyk kepilliklerine goşjak goldawyny ylalaşarys. Birleşen Ştatlar, aýdyşym ýaly, bu prosesiň ähli tapgyrlaryna gatnaşdy” diýip, Makron aýtdy.

ABŞ entek urşuň gutarmagyndan soňky döwür babatynda anyk jogapkärçilik alman gelýär. Waşingtonyň gatnaşmagy ýaranlaryň tagallalaryna goldaw bermek babatynda möhüm hasaplanýar.

Zelenskiý Makron bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş edip, resminamanyň taslamasy ABŞ tarapyndan tassyklanan badyna mundan beýläkki çäreleriň görüljekdigini aýtdy.

“Birleşen Ştatlaryň biziň bilen bolmagy möhümdir. Biz şu gün prezident Tramp bilen söhbetdeşlik geçirdik. Onuň muňa gatnaşanlygy üçin köp sagbolsun aýdýaryn” diýip, Zelenskiý belledi.

Iki lider Zelenskiý bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda duşuşygy guramak baradaky tagallalara hem ünsi çekdi.

“Russiýa takyk parahatçylyk gepleşiklerinden ýüz öwürmegi dowam etdirse… biz Birleşen Ştatlar bilen bilelikde goşmaça sanksiýalary girizeris. Muny şu telefon jaňynyň başynda prezident Tramp hem belläp geçdi” diýip, Makron aýtdy.

Muny amala aşyrmak üçin edilýän tagallalar Moskwa tarapyndan birnäçe gezek petiklendi. 3-nji sentýabrda Putin Zelenskiý bilen Moskwada duşuşjakdygyny aýtdy. Russiýanyň Ukraina giň gerimli çozuşy göz öňünde tutulanda, bu ýer Zelenskiý üçin düýbünden kabul ederliksiz. Zelenskiý duşuşygy Türkiýe ýaly bitarap ýerlerde geçirmegi teklip etdi.

“Putin meniň bilen Moskwada duşuşmak isleýär. Bu Russiýanyň duşuşmak islemeýändigini aňladýar” diýip, Zelenskiý Parižde eden çykyşynda belledi.

Russiýa Ukrainanyň çägine ýewropa goşunlarynyň ýerleşdirilmegini ret edýär. Putin kabul ederlikli parahatçylyk ylalaşygy gazanylmadyk halatynda özleriniň “ähli wezipeleri harby güýç bilen çözmäge” isleg bildirýändigini duýdurdy.

Isleg koalisiýasyny emele getirýän 30 çemesi ýurt esasan Ýewropa ýurtlaryndan düzülýär, ýöne onuň düzümine Kanada, Awstraliýa we Ýaponiýa-da goşulýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG