Arkadag şäherindäki köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlaryna gündizlerine suw çykmaýar – ýaşaýjylar

Arkadag şäheri. Türkmenistan.

Arkadag şäherinde käbir köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlarynyň birnäçe ýaşaýjysy gündizlerine öz kwartiralaryna hojalyk suwlarynyň çykmaýandygyny aýdýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri gürrüň berýär.

“Bize ýerli häkimiýetlere resmi görnüşde arz-şikaýat bildirmek gadagan. Sebäbi, şeýle şikaýatlar prezidente we hökümete garşy gitmek bilen deň-derejede hasaplanýar” diýip, döwlet ähmiýetli şäher yglan edilen sebitiň birnäçe ýaşaýjysy aýdýar.

“Biz Suw üpjünçilik edarasynyň, güýç edaralarynyň, şol sanda prokuratura işgärleriniň, galyberse-de, kazyýetiň, umuman, Türkmenistanyň prezidentiň wezipä belleýän emeldarlarynyň üstünden arz edip bilmeýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Degişli maglumat Arkadag şäherinde ulaglar AK döwlet belgisi bilen hasaba alynýar, 'artykmaçlyklardan' peýdalanýar

Suwsuzlyk gündelik durmuşy bökdeýär

Täze şäheriň ýaşaýjylary ýokarky gatlara agyz suwunyň hem-de hojalyk suwlarynyň çykmaýandygyny nygtap, diňe ýarygijeden soň özleriniň suwdan peýdalanyp bilýändiklerini aýdýarlar.

Bir ýaşaýjy haçan aşaky gatlardaky ýaşaýjylar suw sarp etmegi bes edenlerinde hojalyk suwlarynyň ýokarky gatlara çykyp başlaýandygyny aýdýar.

Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan ikinji ýaşaýjy özüniň kir ýuwýan maşynlaryny diňe gije ýarymdan soň işledip bilýändigini aýdýar.

“Ýokarky gatlardaky ýaşaýjylar agşam çagy işden ýa-da okuwdan ýadap öýlerine dolanyp gelenlerinde arkaýyn ýuwnup, suwa düşüp bilmeýärler. Olar haçan aşaky gatlardaky goňşular uklap, suwdan peýdalanmagy bes edenlerinde ýuwnup, ardynyp, suwa düşüp bilýärler” diýip, arkadagly ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri täze şäheriň ýaşaýjylarynyň öz aralarynda, hususan-da dogan-garyndaşlar, dostlar we tanyşlar bolup şeýle şikaýatlary ýuwaşlyk bilen pyşyrdyly häsiýetde dile getirýändiklerini, ýöne resmi görnüşde arz-şikaýat bildirip bilmeýändiklerini gürrüň berýär.

"Döwlet ähmiýetli şäher"

Arkadag şäheriniň gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berildi, üç ýyl soň, 2022-nji ýylyň aprelinde Arkadag şäher häkimligi esaslandyryldy, şol ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi Änew şäherinden Arkadag şäherine geçirildi. Ol 2023-nji ýylyň martynda ýörite kanunçylyk namasy bilen “döwlet ähmiýetli şäher” yglan edildi.

Arkadag şäheri eks-prezident, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 66 ýaş doglan gününde, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly ýagdaýda açyldy, ýöne häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär.

Döwlet telewideniýesine görä, Berdimuhamedow şäherde alnyp barylýan işleri hut öz şahsy gözegçiliginiň astynda saklaýar.

Tarp ýerde bina edilen ilatly sebitde bolup geçýän ähli wakalar, tamamlanýan gurluşyklar, açylyp ulanylmaga berilýän, ýa-da düýbi tutulýan desgalar döwlet mediasynda ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň iň möhüm wakalarynyň biri hökmünde şöhlelendirilýär.

Degişli maglumat Iri telekeçiler, ýokary wezipeli emeldarlar Arkadag şäherinden jaý satyn almaga höweslendirilýär

Ilat we jaý üpjünçiligi

Resmi maglumatlara görä, şäher 70 müň ýaşaýja niýetlenipdir. 2022-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen uçdantutma ilat ýazuwynyň netijelerine görä, şol wagt entek açylmadyk şäheriň 567 ýaşaýjysy bar ekeni. Ýöne Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri we habarçylary takmynan iki ýyl ozal aşgabatly telekeçilerden Arkadag şäherinden jaý satyn almagyň talap edilendigini habar berdiler. Şonda bu şäherdäki iň arzan kottežleriň 1 million dollardan, dört otagly kwartiralaryň 350 müň dollardan satylandygy habar berildi.

Şu ýylyň ýanwarynda Azatlygyň habarçylary bu şäherde işleýän adamlara ipoteka esasynda şäherdäki jaýlardan satyn almagyň häkimiýetlerden tarapyndan maslahat berlendigini habar berdiler. Şonda işgärlere edilen teklipde 20 ýyllyk ipoteka jaýynyň ilkibada geçirilmeli töleginiň, öýüň ululygyna görä, 75-80 müň manat aralygynda kesgitlenendigi mälim boldy. Şeýle-de, ipotekaçylara ilkinji bäş ýylyň dowamynda her aýda 500 manat, bäş ýyldan soň her aýda 1800 manat tölemegiň soralandygy aýdyldy.

Şonda şäherde işleýän býujet işgärleri özleriniň aýlyk haklarynyň 500-2500 manat aralygyndadygyna ünsi çekip, ýeňillikli ipoteka esasynda satylýandygy aýdylýan jaýlaryň tölegleriniň öz aýlyk girdejilerine gabat gelmeýändigini aýdypdylar.

Azatlygyň çeşmeleri şu ýylyň iýul aýynyň başlarynda “döwlet ähmiýetli” şäherden jaý satyn alýan adamlaryň milletiniň türkmen bolmagynyň “ýokardan tabşyryk esasynda” talap edilendigini habar berdiler.

'Geň tötänlik'

Şäheriň häzirki ilat sany barada anyk maglumat ýok, ýöne hökümetçi neşirlere, görä, soňky iki ýyl bäri, yzly-yzyna her ýyl Türkmenistanda täze ýyla geçilende dünýä inýän çagalar, geň tötänlik esasynda, Arkadag şäherinde dünýä inýär.

Ýatlasak, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň ilkinji bäbegi Arkadag şäherinde dünýä inipdi, çagajyga Arkadag diýip at dakyldy. Şondan bir ýyl soňra, 2025-nji ýyla geçilende, geň tötänlik, hökümetçi neşirlere görä, ýurtda ilkinji bäbek ýene-de Arkadag şäherinde dünýä indi.

“Köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlaryndaky ýaşaýjylar hojalyk we agyz suwlaryna zar. Bu şäher Berdimuhamedowyň hut şahsy gözegçiligi astynda saklanýar. Ýöne şäher barada aýdylýan ajaýyp sözler, onuň akyl şäher atlandyrylmagy we beýleki ýagdaýlar ýokarky gatlaryň ýaşaýjylarynyň suw ýetmezçiligini ýaşyryp bilmeýär” diýip, arkadagly ýaşaýjy aýdýar.

“Biz şeýle problemalary özümiz dillendirip bilemizok, Azatlyk Radiosynda eşitdirip berseňiz göwnejaý bolardy” diýip, ol pyşyrdap, sözüniň üstüni ýetirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.