Ukrain pilotsyz uçarlary Rýazan nebit zawodyna we Luhansk nebit ammaryna hüjüm etdi

Arhiw suraty

Russiýanyň Goranmak ministrligi 11 sebitde, anneksiýa edilen Krymyň, Azow we Gara deňiz suwlarynyň ýokarsynda 92 sany ukrain pilotsyz uçarynyň urlandygyny aýtdy.

Ministrligiň maglumatyna görä, Rýazan sebitinde dokuz sany pilotsyz uçar urlup gaçyryldy. Sebit häkimi Pawel Malkow pilotsyz uçaryň galyndylarynyň "senagat kärhanasynyň çägine gaçandygyny we onuň netijeleriniň ýok edilýändigini" aýtdy.

Ol haýsy kärhana hakda gürrüň edýändigini aýtmady. Rýazanyň ýaşaýjylary nebiti gaýtadan işleýän zawodda dörän ýangyn barada habar berdiler. Ukrainanyň “Exilenowa +” telegram kanaly Rýazandaky nebiti gaýtadan işleýän zawodyň ELOU-AVT-6 desgasyna zarba urlandygyny ýazýar.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň dezinformasiýa garşy göreş merkeziniň başlygy Andriý Kowalenko öz telegram kanalynda urlan zarbanyň nyşanasynyň Rýazandaky nebiti gaýtadan işleýän zawod bolandygyny ýazyp: "SBS-iň [Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň pilotsyz güýçler ulgamynyň] ajaýyp işi” diýdi.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Pilotsyz güýçler ulgamnyň serkerdesi Robert Browdi ("Madyar") ukrain goşunlarynyň Rýazandaky nebiti gaýtadan işleýän zawoda hüjüm edendigini tassyklady. Mundan başga, onuň sözlerine görä, Luhansk nebit ammaryna hem zarba uruldy.