Türkmen ilçisi Rimde Berdimuhamedowyň Italiýa etjek saparyny maslahatlaşdy

Serdar Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçisi Toýly Kömekow 3-nji sentýabrda Rimde Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli bilen duşuşyp, prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýyl bu ýurda etjek saparyny gurnamak meselesini maslahatlaşdy diýip, Türkmen DIM-I 4-nji sentýabrda habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda halkara guramalarynyň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ylmy-medeni ugurlardaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak meselelerine seredildi.

Şeýle-de, Rimiň Kapitoliý muzeýinde gadymy Merwiň we Nusaýyň çäklerinde tapylan özboluşly artefaktlaryň, bilelikdäki türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalary mahalynda tapylan gymmatly tapyndylaryň sergisini gurnamak barada pikir alşyldy.