Tramp rus nebiti babatynda Ýewropa basyş edýär, koalisiýa Ukraina ýerleşdiriljek 'Kepil güýçler' boýunça netijä geljek bolýar

Britan premýer-ministri Keir Starmer, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski, fransuz prezidenti Emmanuel Makron, german kansleri Fridrih Merz we polýak premýer-ministri Donald Task ABŞ prezidenti Donald Tramp bilen telefon söhbetdeşligini geçirýär.

ABŞ prezidenti Donald Tramp Kiýewiň ýewropaly goldawçylary bilen kesgir gepleşýän ýaly bolup görünýär, habar berilmegine görä, Kremli urşy bes etmäge mejbur etmek maksady bilen, olara Russiýa we onuň baş ýarany bolan Hytaýa maliýe taýdan has köp basyş etmegi ündeýär.

Kiýewi goldaýan 30 ýurtdan ybarat 'Isleg koalisiýasynyň' Parižde geçen sammitine gatnaşan ýewropaly we beýleki liderler 4-nji sentýabrda Tramp bilen telefon söhbetdeşligini geçirdiler.

"Prezident Tramp Ýewropanyň urşy maliýeleşdirýän rus nebitini satyn almagy bes etmelidigini nygtady. Russiýa ýangyç söwdasyndan bir ýylda ÝB-den 1,1 milliard ýewro ($1.8 milliard) gazandy" diýip, Reuters Ak tamyň bir ady aýdylmaýan resmisini sitirledi.

Hakyky sanlar has ýokary bolup, Energetika we arassa howa boýunça barlag merkezi (CREA) Ýewropa Bileleşiginiň gazylyp alynýan rus ýangyç serişdeleri boýunça importlarynyň umumy bahasynyň Russiýanyň Ukrainadaky doly gerimli çozuşynyň üçünji ýylynda 21,9 milliard ýewro (23,6 milliard ABŞ dollaryna) barabar bolandygyny aýtdy.

Reuters-e görä, Ak tamyň resmisi 'Tramp telefon söhbetdeşliginiň dowamynda ýewropa liderleri Russiýanyň uruş tagallalaryny maliýeleşdirýän Hytaýa ykdysady basyş etmelidigini nygtady' diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Pariž duşuşygynyň yz ýany ýewropa liderleri bilen gepleşen Tramp koalisiýa sammiti barada göni teswir bermedi. Ýöne ol rus prezidenti Wladimir Putin bilen ýakyn geljekde gepleşmegi meýilleşdirýärsiňizmi diýlip, žurnalistler tarapyndan özüne berlen soraga ‘Hawa, gepleşerin’ diýip jogap berdi.

Howpsuzlyk kepilligi ugrundaky gözlegler

Ýewropa Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina goşun girizileli bäri ýangyç üpjünçiligi babatynda Russiýa garaşly galmakdan öz-özüni halas etmäge synanyşyp gelýär. Ýewropa Komissiýasy 2028-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Russiýanyň nebitgaz serişdeleriniň Ýewropa Bileleşigine import edilmegini tapgyrlaýyn esasda bes etmek boýunça kanun taslamasyny hödürledi.

Kreml bilen ýakyn gatnaşykdaky milletçi liderler tarapyndan dolandyrylýan Wengriýa we Slowakiýa, ÝB-niň diwersifikasiýa tagallalaryna garamazdan, rus ýangyç serişdelerini import etmegi dowam etdirdi.

Degişli maglumat Makron ABŞ bilen Ukraina howpsuzlyk kepillikleriniň “öňümizdäki günlerde” ylalaşyljakdygyny aýtdy

'Isleg koalisiýasyna' britan ministri Keir Starmer bilen bilelikde ýolbaşçylyk edýän fransuz prezidenti Emmanuel Makron Ukrainanyň uruşdan soň howpsuzlyk kepillikleri bilen üpjün edilmegine 26 ýurduň gatnaşmaga razy bolandygyny, şeýle-de ABŞ-nyň goldaw meýilnamasynyň öňümizdäki günlerde karalaşdyrylyp bilinjekdigini aýtdy. Ak tamyň bellikleri fransuz prezidentiniň çykyşyndan soň aýdyldy.

Ukrainanyň Günbatar ýaranlaryndan ybarat 30-dan gowrak ýurduň liderleri prezident Zelenski bilen duşuşyp, uruşdan ejir çekýän ýurda Russiýa bilen arada parahatçylyk gazanylan halatynda beriljek howpsuzlyk kepilliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Makron koalisiýadaky birnäçe ýurduň öz meýilnamalaryny ahyrlap barýandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. Pariž gepleşiklerine gatnaşan koalisiýada esasan Ýewropa ýurtlary, şeýle-de Kanada, Awstraliýa we Ýaponiýa, jemi 30 çemesi, ýurt bar.

Makron 26 ýurduň “Ukrainada ýa gury ýerde, deňizde ýa-da howada howpsuzlygy üpjün etmek güýçleri hökmünde goşun ýerleşdirmek baradaky borçnamany öz üstüne alandygyny” aýtdy.

Bu goşunlar front çyzygyna ýerleşdirilmez, ýöne heniz kararlaşdyrylmaly sebitlere ýerleşdiriler diýip, ol aýtdy.

"Biz öňümizdäki günlerde bu howpsuzlyk kepillikleri bilen bagly amerikan goldawy babatynda hem netijä geleris. Birleşen Ştatlar, aýdyşym ýaly, bu prosesiň ähli tapgyrlaryna gatnaşýar" diýip, Makron aýtdy.

Ýaran ýurtlaryň aglabasy Waşingtonyň goşulmagyna möhüm goldaw hökmünde garasa-da, Birleşen Ştatlar heniz uruşdan soňky ýagdaý boýunça öz üstüne anyk jogapkärçilik almady.

Degişli maglumat 'Isleg koalisiýasy' Ukraina boýunça howpsuzlyk kepilliklerini maslahatlaşýar

Russiýa Ukrainanyň çägine ýewropa goşunlarynyň ýerleşdirilmegini ret edýär. Putin kabul ederlikli parahatçylyk ylalaşygy gazanylmadyk halatynda özleriniň "ähli wezipeleri harby güýç bilen çözmäge" isleg bildirýändigini duýdurdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow 5-nji sentýabrda daşary ýurt döwletleriniň goşunlarynyň Ukraina boýunça howpsuzlyk kepilligi meýilnamalaryna gatnaşmak ähtimallygyny ret etdi.

"Ukrainanyň howpsuzlyk kepilligi daşary ýurtlar, hususan-da ýewropa we amerikan harby kontingentleri tarapyndan üpjün edilip bilnermi? Elbetde ýok, olar başarmaz" diýip, ol rus döwlet mediasyna aýtdy.

Tramp Russiýanyň Ukrainadaky urşuny soňlatmagy öz administrasiýasynyň iň ileri tutýan ugry hökmünde kesgitledi, ýöne ol Ýewropadan öz gerdenine has köp ýük almagy, hususan-da Ukrainanyň ýarag üpjünçiliginiň maliýeleşdirilmegi babatynda has köp jogapkärçilik almagy talap etdi.

Rus prezidenti barada köplenç öwgüli sözleri aýdýan ABŞ prezidenti Putiniň ýaraşygy, ýa-da Zelenski bilen duşuşmagy, ret etmeginden ýa-da rus güýçleriniň Ukrainada raýat desgalaryna howa zarbalaryny bes etmeýşinden barha köp ynjalyksyz bolup gelýär.

Kiýewde Russiýanyň hüjüminden soň düşürilen suratlar uly weýrançylygy görkezýär

Tramp potensial parahatçylyk ylalaşygynyň bir bölegi hökmünde Ukrainanyň käbir çäklerini bermegiň meselelerine garamakdan boýun towlamagy bilen baglylykda wagtal-wagtal Zelenskini hem tankytlap gelýär.

Zelenski Makron bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda öz ýurduna uruşdan soň beriljek islendik howpsuzlyk kepilligine ABŞ-nyň gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtady.

"Birleşen Ştatlaryň biziň bilen bolmagy möhümdir. Biz şu gün prezident Tramp bilen gepleşdik. Onuň goşulmagyna köp minnetdar" diýip, Zelenski aýtdy.

Zelenski we Makron Putiniň ukrain prezidenti bilen duşuşmakdan boýun gaçyrmagyny tankyt etdiler. Putin saýlanan prezident bolan Zelenskä köplenç legitim däl prezident hökmünde garaýar.

Kremliň lideri Wladimir Putin 3-nji sentýabrda ýakyn ýarany Hytaýa amala aşyran saparynyň dowamynda metbugat ýygnagyny geçirýär

"Eger-de Russiýa anyk parahatçylyk maslahatlaşmalaryny ret etmegi dowam etdirse, biz Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen bilelikde goşmaça sanksiýalary girizeris" diýip, Makron aýtdy. "Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda prezident Tramp hem şeýle diýdi" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenski Putiniň özi bilen rus paýtagtynda duşuşyp biljekdigi barada Kreml tarapyndan aýdylan bellikleri ret etdi.

"Putin meniň bilen Moskwada duşuşmak isleýär. Bu, Russiýanyň duşuşyk islemeýändigini aňladýar" diýip, Zelenski aýtdy.

Peskow 5-nji sentýabrda "Interfaks" habarlar agentligine Putin bilen Trampyň arasynda gepleşikleriň meýilleşdirilmeýändigini, şeýle-de Russiýanyň häzirki gepleşikçiler wekiliýetiniň derejesiniň onsuz hem "ep-esli ýokary" bolandygyny aýtdy. Ol beýle diýmek bilen prezidentler derejesinde gepleşikleri geçirmegiň göz öňünde tutulmaýandygyny yşarat etdi.

Syýasatçylaryň berýän beýanatlarynyň fonunda, rus dronlary 4-nji sentýabrda giçlik demirgazyk-gündogar Ukrainanyň Harkow sebitinde azyndan üç adamy öldürdi, başga-da üç adamy ýaralady diýip, sebit häkimi Oleg Sinegubow aýtdy.

Ol özüniň Telegram hasabynda 40 ýaşly iki erkek adamyň, şeýle-de 24 ýaşly zenanyň rus dron hüjüminde öldürilendigini ýazdy. Sinegubow erkek adamlaryň Hotimlýa obasynda ýol gurluşyk işlerini alyp barýan wagtlarynda öldürilendigini aýtdy.