Türkmenistanyň Aýlag ýurtlary bilen söwda dolanyşygy artýar - metbugat

Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň mejlisi. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşine (AHG) agza ýurtlar bilen aradaky söwda dolanyşygy, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylda 9,9 esse artdy diýip, “Biznes Türkmenistan” Ýewraziýa ösüş bankyna (ÝÖB) salgylanyp habar berýär.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň bu ýurtlar bilen aradaky söwda dolanyşygy 2 milliard ABŞ dollaryna ýetip, sebit boýunça iň ýokary görkeziji bolan bolsa, Merkezi Aziýanyň AHG ýurtlary bilen aradaky söwda dolanyşygy jemi 3,3 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy diýip, habarda aýdylýar.

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen edilýän söwdanyň esasy bölegi — 97%-e golaýy — Birleşen Arap Emirlikleriniň paýyna düşýär.

ÝÖB-niň maglumatyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynda metallurgiýa we oba hojalyk önümleriniň eksportyny giňeltmek mümkinçilikleri bar, Aýlag ýurtlary bolsa, awtoulaglara, elektrik enjamlaryna we gymmat bahaly daşlardan ýasalan şaý-seplere gyzyklanma bildirýärler.

Habarda Türkmenistanyň bu ýurtlara nähili önümleri satyp, nämeler satyn alýandygy anyklaşdyrylmaýar.